23:36 Şeýle päliň bolmasa / satiriki goşgy | |
|
Öýlenmek derdeser, söýmän, söýülmän, Müňden-müňden otuz-galyň bolmasa, «Sähet» ýokdur sogan ýaly soýulman, Gemre bolup ýatan puluň bolmasa. Dilegçisiň, ýüzlük düşmez ýüzüňe, Süýtli sygryň ýeter «lodka» ýüzüge. «Lebed» geýip, gelin çykmaz gezime, Ökjesinde tylla naly bolmasa. Karz aljaklaň eýýäm seni tanady, Agzyňy açmankaň dişiň sanady. Nesýe-ha bermezler gyzyl sagady, Gumly keçä derek halyň bolmasa. Gudaň arkan gaýşar, başyňy egseň, Utarsyň, üstüne pul bolup eňseň. Haladyň on-ondan, jemi ýüz segsen, Başarmykaň Karun ýalyň bolmasa. Kürtäň nyrhyn eşidip tutarsyň ýaka, Iç hümledip däliräýme barýaka. Panbarhata gerek gyrawdan ýaka, Üýtgedäý öýlenmek hyýalyň bolmasa. Jan edip pagtada, gumda, gyrkymda, Ölüp otuz müňi tapýaň kyrkyňda. Ak görüner sakgalyňda-murtuňda, Nätjek, ýaşmyň, garry mälim bolmasa. Synçy maňlaýyndan meňzeder goja, Ýeňsäňdenem üçem owlakly geçä, Halat jemleýänçäň dolar dört müçe, Kyndyr deprenere halyň bolmasa. Altmyşda pensiýa, öýlenmek kyn-a, Garry gördüler diýip etmäwer kine. Saçyňa gerekdir bäş gadak hyna, Wah, eýesiz, şu ak ýalyň bolmasa! Satansyň, sowansyň, zat galmaz goşda, Malyň ýokdur itdir pişikden başga. Söýgi, diňe söýgi, aýytdym başda, Gyz halamaz şeýle päliň bolmasa. 13.09.1984 ý. «Pagtaçy» gazeti. Kerki | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||
