00:53 Size gaty gynanmagam, begenmegem bolanok | |
|
― Size gaty gynanmagam, begenmegem bolanok… (Doktor halky zabun halk. Eglişigi bilenok.) Ýüregňize dynç beriň, tolgunara haly ýok, Ýaşamak isleseňiz, şundan başga ýoly ýok! Begenmän, gynanman, ýatmaly ýyllar… Ýazlar, gyşlar, güýzler… Gyzlar, ogullar, Bilbiller, Ter güller, Parlak ýyldyzlar, Asuda agşamlar, Gohly gündizler, Perwana, Gurbaga, Hatda garynja ― Hiç bir zat goýmaly däl meni ünjä. Hiç bir zat göwnümi göge göterip, Ýüregime ganat baglamaly däl, Hiç bir zat başymy gussa batyryp, Hiç bir zat kalbymy daglamaly däl, Hiç bir zada gülmeli, aglamaly däl… ― Londonda bir günde togsan üç çaga Ajyndan ölüpmiş… ― Meniň işim däl! ― Maýadarlar nany derýa döküpmiş… ― Dökse dökübersin, meniň aşym däl! ― Tel-Awiwiň «gyrgylarnyň» astynda Eneler dat edýär… ― Etse, goýar-da!.. ― Ýapon işçileri çykypdyr ýene «Bahar marşyna»! ― Ne işim bar o ýerde! ― Buşluk! Goňşyň ekiz ogly bolupdyr! ― Çagadyr-da güni gelse, dogar-da! ― Bize gelýän süýtçi daýza ölüpdir… ― Ajaldyr-da, golaý gelse, alar-da! Şatlykmy, guwançmy, gazapmy, ezýet, «Soňky habarlarmy», žurnalmy gazet, ― Aýyrdym olaryň baryn bir ýana, Kast edip bolarmy heý, şirin jana! Ine, doktor, aýdanňyzy bitirdim, Begenmän, gynanman bir gün oturdym Asyl hiç dermana bolmadym men zar, Ýöne indi sizden bir haýyşym bar: Haýwanat bagyna eltiň-de göni, Maýmynlaň içinde oturdyň meni! 1973 Annaberdi AGABAÝEW | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
