13:26 "Söýgi näme?" diýip soralanda dile gelen setirler | |
|
Üm bilmez çagakam, aglap emerdim, Ene süýdün içdim, ynha bu söýgi. Durak-durak, ýörjen-ýörjen ýöredim, Ilki äden ädimlerim... Bu söýgi. Şatlandym, oýnadym, böküp, ýykylyp, Täsin hereket etdim...... kä-te, çekinip...., Daşymdan pyrlandyrdy, jykyr-jykyrym. Ýylgyryş döretdim ynha bu söýgi. Okuwçy men. Mekdep, kitap, mugallym, Harplyk, depder, ruçka, birnäçe galam. Synpdaşlam, goňşulam, dostlarym bilen. Mekdebe gatnanym, ynha bu söýgi. Ýetginjeksiň, jahyl bolduň ulaldyň, Käbir edýän häsýetiňe uýaldyň, Şol gözlerdi, akyl bilen goýaldan, Bir gyz diýip, yşka düşdüm bu söýgi.... Durmuş gurdyň, ýigit çykdyň öýlendiň, Entek, ýaşlyk bady bilen aýlandyň, Çagaň bolup, birazajyk oýlandyň, Mähirli perzendiň ynha bu söýgi. Wag:t geçer, eýýäm.. gojalan ata, Agtygyň daşyňda, ynjalan ata... Geçmişiň ýatlasaň, sünjiler arka. Geçen durmuşlaryň ynha bu söýgi. Saglygyň ýitirdiň, ýata hassasyň, Görejiň dolandyr, gaýgy-gussadan.... Düşşündirjek boldum saňa gysgadan, Mätäç bolsaň... şulaň barysy söýgi. Remezan MAMETGURBANOW. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
