23:57 Şol gün... | |
|
Çagyryldym, bardym seniñ toýuña, Men barmasam, bu gelşiksiz boljakdy. Gutlamaly boldum deñ-duşlam bilen, Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi. Bokurdakda bir uly daş doñup dur, Bir söz diýsem eräp, ýaş bolup damar. Emma gutlamaly syrym bildirmän, Dostlaryñ içinde görip bar, añar. Ah, senem otyrsyñ maña seredip, Ýekeje söz diýsem gapyp alarsyñ. Onsoñ, sen ýüregme ýyldyz göz däl-de, Ýyldyrym göz bilen talañ salarsyñ. Ýylgyrdym geçmişi unudyp biraz, Hem özüm ýitirip, tolgundym aşa. Gara gözleriñe göni seredip, Diýdim: "Gelniñ bilen bagtly ýaşa!" Dört sözde gutlagyñ baryn jemledim, Bu sözüm goldady töwerek-daşym. Ýok, men aglamadym, söýgimiz ýatlap, Ýöne señ gözüñde göründi ýaşyñ. Gülälek ŞAMYÝEWA, Murgap etraby. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
