17:28 Soñky düýş | |
|
Bir jadygöýdi. Göz bilen gaşyñ arasyndan Jorapjyk örerdi çagajyklarna Aýazly tünekde Egnindäki sary giden Köýneginiñ sapagyndan. Bir pingwinler üşemeýär, bilýärin, Doñup ýatan materikde, Birem ol. Sungatyñ ussadydy. Hyýal sahnasyndaky ýyldyzlara haýrandy, Her kes. Men bolsam oña... Bagtyýar enäñ rolun oýnady Ömrüboýuna. Ne ýüzünde Ne ýüreginde ýazy bolmadyk bir ynsan bilen Çagalarmyñ kakasy diýe. Muny duýmadam hiç kes. Aramyzda gezen melekdi, Mydam özgäñ derdinde. Hem gorkardy doýmakdan Çagalaryn öñürdip. Saçagyñ bir cetinde, Dadyp oturandyr tagamdan, Hem iýýän ýalydyr daşyndan. Şondan, hemmeden soñ turar Saçak başyndan. Ýeke gezek özi üçin bir iş etdi, Bir özüne, soñky deminde. Düşündim ýylgyryşyndan, Dodaklarnyñ gyrasynda gizlenen. Hem Kirpikleriñ ujunda Bagtyýarlykdan bir nem. Üç otagly öýli boldy düýşünde... Hem oýanmady bu düýşünden soñ enem... Halyl Ybrahym ÖZBAÝ, türk şahyry. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||
