09:16 Sowally dünýä | |
Gaýybyň çöwresi – Zerefşan oýda, ýalňyz oturan eleşan derwüş... Garsajyk göwresi, perişan küýde, Okaýarmy alkyş? Edýämi gargyş? Ümsümlik ýoldaşy, ýarany Jebran, Harysam daşynda urýarmy jöwlan?! “Süreýin!” diýse döwran, Wah! Arman! Akmaklygy asgyn gelýär aklyndan. Ortagyň oduna odunan ynsan, Tamugyň çöwresin taparmyň mundan? Aýanyň degresinden tapylmadyk yhsan, Baýderegiň saýasyndan, tapylarmykan? Içiň doly jerhetden, daşyň doly haýhatdan, çyka bilmän serhetden, çöwrelikde tapjak bolýaň dürslügi. Duýaňogam, “Hydyr” diýeniň hyrslygyn... Syzaňogam, Ataş ýakdy – ýanmadyň... Aýaz gapdy – doňmadyň... Yşk tütetdi – sönmediň. Ganmazam, dönmezem, dynmazam sen, lal diwaryň, gözli batyl bendisi, derwezesin sermenipler sermeýäň. Dälirän dünýäde serimsag mejnun, öz-özüňi örüp-örüp, çermeýäň. Bir çişiň – duýgyň, ikinjisi aňyň, şatlygyň-gaýgyň, “wahyň” hem “ahyň”, sapak deý örýäň. Hasratyň-söýgiň, ýitiren-tapanyň... iç-içinden, çigişläp geçirýäň... Örýäň göwnüňden ömrüňi, soňra çöwrüp köňlüňi, kirlän kalbyň ýuwup, güneşe serýäň, “Bolsun” diýip, çagaňky deý arassa... Garaşyp-garaşyp, guransoň görýäň: “Wah! Tegmilleri aýrylmandyr, neressäň...”. Nätmeli? Alajyň ýok. Öwrüp göwnüňi kagyza, ýasaýaň-da ondan gämijik, goýberýäň ykbal deňzine: -Ýüz, göwün gämim alysa! (Ýöne, gämi-göwnüň labyr taşlap köýen wysallaň kenarynda, agtarýanyn taparmy, gaýybyň-aýadyň ýogunda, barynda?!). Sowaldan püre-pür dünýä. Gaýybyň çöwresi – Zerefşan oýda, Derwüş, Jebran hem Harys, ýalňyzlykdan, nämälimlikden kösenýä... | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
