02:09 Söýmändim men... | |
|
Kyn bolsa-da: "Hoş gal!" sözün, Diýmek üçün söýmändim men. Gülüm, sensiz aýralykda, Köýmek üçün söýmändim men. Bir saña baglap ömrümi, Soldy lãläm, sôygi güli, Gam-hasratdan ýüregimi, Dilmek üçün söýmändim men. Synla damjalaryñ damşyn, Şumy yşga wepa berşiñ? Umytlarmyñ sönüp barşyn, Duýmak üçün söýmändim men. Hany garaşylan günler, Gülmezmi dertli göwünler?! Jany seni unutmana, Ýetmez maña bu ömürler. Ýürek gam kölüne batdy, Gözýaşlam sil bolup akdy, Seni özge bilen bagtly, Görmek üçün söýmändim men... Söhbet ORAZMUHAMMEDOW. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
