10:40 "Söýseñ ýürekden söý..." | |
|
Söýseñ ýürekden söý, ýöne haýyşym, Meni özgelerden gabanma, dünýäm! Bolmaz ahyr, sähel zada käýişip, Meni özgelerden gabanma, dünýäm! Bu döwran sen barkañ beýik hem mähnet, Ýöne iñ mähnet zat töhmetdir, töhmet. Geçendir-dä indi tanarça möhlet Meni özgelerden gabanma, dünýäm! Gaharly çeneme kirpigiñ-niliñ, Nika ýüzügimdir señ inçe biliñ, Saña bolan söýgim gözümden mälim - Meni özgelerden gabanma, dünýäm! * * * Diýip biler, Duýup biler şu zady Bu ýazlara içgin-içgin bakanlar: Söýülýän günlerniñ gysgalygyna - Aglap, ýer siñermişin baharlar. Akmyrat MUHADOW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
