18:49 "Şu gije men saña ikilik etdim..." | |
Şu gije men saňa ikilik etdim... Ýöne utanmadym eden işimden. Bolşumdan duýmadym wyždan azaby, Çünki, sensizligiň etimden geçip Süňküme ornaşan ajy güzaby Jyda düşürmänkä akyl-huşumdan Içip-içip meýin puşmansyzlygyň Şu gije men saňa ikilik etdim. Bäh, ilkinji gezek seni unutdym, Hoşal boldum eşekligmiň joşundan. Meniň bilen ýassygyny paýlaşan Zenan bolsa kirpigimden gaşymdan, Gözlerimiň arasyndan düýrügip Dişläp-dişläp gulaklarmyň mämesin, Pişik kimin dyrtmalanda döşümden... Şu gije men saňa ikilik etdim. Soň arkamy öwrüp bükülip ýatdym, Aldym lezzetini biwepalygyň. Imansyzlaň muny duýaýsa şobat, Dumly-duşdan atjak myjabatyna Ýygrylmady seňrigimden başga zat... ...Sebäp, seniň daglap giden jigeriň Ýoluşdyryp zyňdym-da gan damaryn, Şu gije men saňa ikilik etdim. Ha bukulman etdim, bukulyp etdim. Şonda şol gözeliň yhlasyn görüp Duýdum hijem maňa mähir bermäniň. Eger seni bir gün tutmaly bolsa, Meniň däl-de, tutsun şonuň yhlasy Jezasyn çek meň elimde durma:nyň... Bolsam-da Allanyň öňünde asy Şu gije men saňa ikilik etdim. Soň seni hiç haçan ýatlamajagmy Ýatlanymda öz-özümden hopugyp, Duýmasam-da wyždanymyň sesini Ajy gözýaş içre ýykylyp ýatdym Sebäbi men saňa ikilik etdim! Has TÜRKMEN. Surat: Salwador Dali. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |

), başarmaýandygymy bilýän zadym barada başym çykýansyrap, geplemegem gaty bir oňlap barmaýaryn. Belki, käbir dili ýitijelerimiz: "hekaýa barada köp nokgy-nokgy edýäň welin, näme onyny başaryp ýatyryn, gözüne gül salyp, süňk edýän diýjek bolýaňmy?" diýmegem ähtimal. Olaryňkam dogry. Pesgöwünsiremeg-ä dä, belki onam başarmagy başarýan däldirin-de, öz göwnüm: "şunyň-a, garaz, biçem bolmady" diýip özümi aldap ýörendir. Gepiň moh-mohunyň juk-jukly ýeri, şonuň üçin, köplenç şygryýet barada öz pikirimi özümde saklamaga çalyşýaryn. Sebäbi käbir ökdeler: "Göreniňe at dakyp ýörme-de hany, özüň goşgyň gowusyny ýazyp görkez-dä" diýäýdigi, onda fsýo, işiň gaýdyp galýa. :D. Ýöne goşgy gowy çykypdyr.