Şu gün meşhur gazak şahyry Abaýyñ doglan güni Abaý Kunanbaýew (10 Awgust 1845 - 6 Iýul 1904) - Meşhur gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýet işgäri, Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsarynyň öňde baryjy demokratik pikirlerini ösdüriji, gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy. Ol Semeýde Ahmet Ryza mollanyň medresesinde okaýar we şol bir wagtda ýerli rus mekdebine-de gatnaýar. Rus syýasy sürgün edilenleriň kömegi bilen rus dilini, öňde baryjy rus edebiýatyny öwrenýär. Rus şahyrlarnyň goşgularyny, rewolýusion-demokratik pikirlerini gazak zähmetkeşleriniň arasynda propagandirleýär. Şeýle ýol bilen rus ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini gazak obalaryna ýaýradypdyr. Gündogaryň köp edebi eserlerini (Şanama, Leýli-Mejnun, Görogly we ş.m.) dil üsti bilen halk köpçüligine ýetiripdir. Ol ajaýyp eserler döredipdir. Onuň käbir liriki goşgulary saza-da geçirilipdir. Abaý Kunanbaýewiň eserleri diňe 1909-njy ýylda ilkinji gezek Sankt-Peterburgda neşir edilipdir. Onuň eserleri dürli dillerde çap edildi. Abaý Kunanbaýew gazak we beýleki sowet halklarynda köp okalýan ýazyjy-şahyrlardan biri bolupdyr. Gazak ýazyjysy M. O. Auezow bolsa Abaý Kunanbaýewiň döredijiligini ebedileşdirmek maksady bilen onuň durmuşyna degişli 2 tomdan ybarat "Abaýyň ýoly" romanyny (1956) ýazdy. Ol roman köp dillere, onuň "Abaý" atlandyrylan 1-nji kitaby bolsa türkmen diline terjime edildi. çeşme: wikipedia
"Gan we der" fransuz dilinde çap bolan kitapdyr. Terjimeçi şonda awtoryñ familiyasyny hem Nutpeissof edip goýberipdir. Soñ degşip ýörüpdirler Nurpeyisowyñ ady-familýasynam fransuzça terjime edipdirler diýip.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]