19:28 Süwümsiz siñek / basnýa | |
|
Uçdy, gondy bir siñek, Erni ýok, gury eñek. Mugtjak bal gözleýär, Eýlä-beýlä wazlaýar. - Ýa-ha adamlar ýaman, Ýa-da üýtgäpdir zaman. Bar zadyñ agzy ýapyk, Ne bal bar, ne-de gatyk - Diýip, siñek irkildi, Gözün açdy, tyrkyldy. Balary dur gaşynda, Bu hakykat huşunda. - Ýeri, men saña diýýän, Aýt, hamyñ soýýan, Senmi balymy iýýän - Diýip ary siñegiñ Boýnuna atdy arkan, Siñek gaýtdy arkan. Degdi öýdýän gatyrak, Ýatyrdy ol titiräp. Nurgeldi ÇAKANOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
