08:12 Şygry bolmaly | |
|
Şahyr bolmak gowy arzuwdyr, ýöne, Düşün, şahyrlaryň şygry bolmaly. Bägül ýaly ter hem dünýä deý köne, Gurbagaňky ýaly sabry bolmaly. Şahyr düşündi:rden juda sadadyr, Onuň sabry nebislini ýadadar, Nirädir bir ýerik barjak adamyň, Gursakda çelgilän ugry bolmaly. Ýar hözürin saýlan Tahyrlardan däl, Ýa dünýä islegli jahyllardan däl, Ýok, özüňden öňňe şahyrlardan däl, Duýgy dünýäsinde ogry bolmaly. Şahyrmyň — okany şygryňa köker, Ylham illerden däl, Ylahdan ýokar, Il-halkyň derdini duýdurman çeken, Ýüregniň üstünde ýagry bolmaly. Söz boýamaz, duýgularyň alyna, Ili oýnap, duşman bolmaz Halyga. Ýylylyk jan berýär doňan balyga, Ýüregni ýylatjak howry bolmaly Her kimsä berse-de galam gezegi, Dünýä şahyr saýmaz her bir ýazany, Sazlaşmaly eýe bilen habary, Sözlemniň düzülşi dogry bolmaly. Meňzeş, heňdeş sözler bilen «daş edýän», Saklan, gardaş sen niçiksi iş edýäň, Şahyrlary «Halk ýadydyr » ýaşadýan Adamlaň aňynda gabry bolmaly. Ot ýakynmak üçin odun bolmaly, Aýtmankaň aýdara zadyň bolmaly, Onsoňam ýokardan idin bolmaly, Düşün, şahyrlaryň şygry bolmaly. 21.02.2023 ý. 09:58 | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
