20:38 Isleg | |
|
Meniň ýaşap ýören owadan dünýäm, Süýjüje hyýaldan dogulan wysal. Kakam gursagynda sünnälän yşgy, Arzyly arzuwlar bolmaz ýaly a:l. Sallançagyň bady aýlap ýyllary, Ýörjen-ýörjen ädimlerim sanalan. Aşyklar hemradyr meniň ömrüme, Men olaryň mähri bilen ulalan. Süňňüme saralan inçe duýgulaň, Keşde gaýan ýaly iňňesi bilen. Kiçijikkäm goşarymy bezäpdir, Ejem gadym hanlaň teňňesi bilen. Kalbym içre dünýä bilen utgaşyp, Siňipdir gursagma mukaddesligi. Agzybir, bagtyýar, abadan ojak- Ähli ynsanlaryň köňül islegi. Aýbibi AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri indtitutynyň talyby. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
