02:00 Tagangylyç guýusy | |
|
Tagangylyjymy her dem arzuwlap, Döndi kalbym meniñ suwsuz kepäne. Bu gün aýak basdym ýigit çykansoñ Göbek ganym siñen dogduk depäme. Bu ýerde oba ýok, adam-gara ýok, Diñe yz galypdyr göçülen ýurtdan. Hem bu ýerde çagalygym galypdyr, Şony görsem diýip göwün ýüwürtdim. Çagalykda elim göjek-kemanly Yzyndan kowalap ýetip bilmedik, Käteler husband gözlerim gidip, Çenenip, çenenip atyp bilmedik, Mele torgaýlarym bu gün öñümden Alñasap uçup däl, ýorgalap barýar... Hem bu ýerde galan çagalyk döwrüm Bir ädim beýlämden gol bulap barýar... * * * Obama, ýolum düşdi üstünden bu gün Ger gujagñy, sende ak süýt emene! Obam, sen şeýle bir meñzäp otyrsyñ Ýoluma göz dikýän çal saç eneme. Göreçlere ýerleşerden uzapsyñ (Ýaşasyn ussalañ synmaz sungaty!) Seni göreçlerme sygdyrsam-da men, Saña söýgim ýüregime sygmady. Ýüregme sygdyryp bilmedigimi Şygra siñdireýin men seni synlap. Şeýdip, saña bolan halal söýgimi Halal sözüm bilen göreýin synap. Seni synlap, goşgy goşup bilmedim, Seni synlap, artdy ýüregmiñ yşgy. Seni synlap, synlap, ýañadan synlap, Okan ýaly boldum bir ajap goşgy! Kasym NURBADOW. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
