16:07 Tañryñ razylygy üçin... | |
|
Tañryñ razylygy üçin, şeýtana ~ Daş atylar ~ misli ol üzüm däne. Daş atyp, şeýtany kowmak özüñden, Ysmaýyldan galan, däpdir bu öñden. Mina jülgesinde her hajyñ daşy, Ýatladýar hinine ýagýan ýagyşy. Daş atanym bilen ol näletsiñen, Kalbymy sowadar niçiksi, neneñ? Ýedi sany daşdan zyñsam üç sapar ~ Ýetmiş müñ uçguny bu kalbym tapar. Onsoñ men kalbymdan kowup şeýtany, Tapdym kararymy, ynjaldyp jany. Hajylañ ýürekden eden bu işi ~ Gaçyrýar şeýtany zyñan her daşy. Hajylar - şeýtandan, olardan - şeýtan Gaçýarlar, açýarlar arany haýdap. Kowlansoñ hajylar eden yhlasdan, Däp berjaý bolýar-da çykýar yhramdan. Bu waka mynasyp şeýle däp bolar, Hajylar gurbanlyk malyny çalar. Soñra bolsa, olar Mekgä gidýärler, Käbä baryp, oña togap edýärler. Gözýaşlar akýandyr gözlerden bu gün, Gynanjyndan däl-de, şat bolup göwün. Olar müñlerçedir, gözmüñ göreni, Ýaşdan doldy görüp gözüm göreji. Ol gözlerden akan ýaşlar rehm edip, Tañrynyñ kalplara guýan rehmeti. Şeýle bolsa, neneñ haja gitmejek, Tañrynyñ öýüne togap etmejek?! Haja gitmek ýagşy ynanç, ybadat, Ol Tañrynyñ rehmetinden ybarat. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
