09:00 Täze Mähnet | |
|
(The New Colossus) Goşa topraga dabara bilen aýagyn dirän, Ýunan şöhradynyň bürünç mähneti deý däl – Bärde, biziň deňiz ýuwýan şapak derwezämizde dur, Goly alawly, kuwwatly hatyn, alawy onuň – Gapjalan ýyldyrym, ismi-de onuň – Merdudlaryň enesi. Onuň çyrag-elinden Bütin dünýä salam lowurdaýar, mähriban gözleri onuň Goşa goňşy şähre egele aýlaga hökümdar. “Gadym ýurtlar, goýuň siz özüňize rowaýaty ajaplyklaryňyzy! – Gygyrýar ol, owazsyz dahany bilen. – Maňa bolsa beriň öz garamaňlaýlaryňyzy, garyplaryňyzy, Siziň erkana demiň yhlasyndaky mynjyradylan mazlumlaryňyzy, Siziň bol-elin kenarlaryňyzyň nalajedeýin zibilini, Tupanyň deminde bendi, öwzarsyzlaryňyzy, ýollaň siz maňa. Men şamçyragym göterýän altyn işigiň öňünde!”. 1883. © Emma LAZARUS. ABŞ-nyň Nýu-ýork şäheriniň aýlagynda duran "Azatlyk" heýkeliniň münberindäki şygyr. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||

