20:19 Täze ýyl arzuwy | |
Müñ arzuw ederdim her Täze ýylda, "Iñ bolman hasyl bor birisi" diýip. Lokga hum ýatanam bolsa, entegem, Topulamok "Meñki - barysy" diýip. Bölüşesim gelýär hatda bagtymam, Biri aglap durka, bormy, heý, gülüp?! Ykbalymdan nadyl bolup bilmerin, Şu ýagty jahany bilýärkäm görüp. "Ýeri, näme arzuwyñ bar?!" diýilse, Dilärdim men gapyllara ýagtylyk. Goý, ol maña etse etsin ýamanlyk, Men şoña-da dileýärin ýagşylyk. Arzuwlarym Göge sary uzaýar, Bilýän, olañ hasyl bolmaz barysy. Ortadaky duran bir döwüm nandan, Ýetse bolýar maña diñe ýarysy. Şol birmeñzeş arzuwlardan daşlaşyp, Indi başga arzuwlara ulaşýan. Daşarda gar ýagyp duran mahaly, Gyzyl gülli baharlara garaşýan... Hemem şu golaýda hasyl bolmajak, Arzuwlaryñ garşysyna göreşýän. Isleýän zatlarmyñ ählijesinem, Diñe, diñe ýürejigme geñeşýän. Ogultäç ORAZTAGANOWA. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
