08:45 Terbiýe | |
|
Halypa öz şägirtlerine hemişe rowaýatlary, tymsallary aýdyp bererdi. Emma şägirtler bu rowaýatlaryň hikmetine hemişe düşünmeýärdiler. Şeýle bolansoň, günlerde bir gün şägirtleriň biri akyldar halypanyň ýanyna gelýär we sorag bilen ýüzlenýär: – Siz bize hemişe sapakdan soň bir rowaýaty gürrüň berýärsiňiz, emma biz bularyň manysyna düşünmeýäris ahyryn. Belki, rowaýatdan gelip çykýan manyny hem düşündirseňiz nähili oňat bolardy. – Siz meni bagyşlaweriň – diýip, halypa ötünç sorapdyr – ýalňyşymy düzetmek üçin bolsa, saňa şetdaly hödür edeýin. Elbetde, sen şetdalyny gowy görýän bolsaň gerek. – Hawa, halypa. – Eger garşy bolmasaň, şetdalynyň daşyny hem arassalap berjek. – Aýdanyňyz bolar, halypa. – Elbetde, iýmäge gowy bolar ýaly böleklere hem bölüp goýjak. – Bolardy, halypa, emma men sizi beýle azara goýmak islemeýärin – diýip, şägirt öz-özünden utanyp başlady. Onda halypa: – Aýdýanyň näme, meni hiç hili azara goýmaýarsyň. Bu işleri özüm etmek isleýärin ahyryn. Eger gerek bolsa şetdalyny çeýnäp hem bererdim – diýip, täze teklibi orta atdy. – Aýdýanyňyz näme, meniň dişlerim bar, men çaga däl ahyryn – diýip, şägirt geňirgendi. Bir az wagt dymyp oturan halypa şeýle diýdi: – Eger-de, men size her bir rowaýatyň manysyny düşündirsem, onda miwäni çeýnäp beren ýaly bolardy. Nurjemal TÖRÄÝEWA, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň mugallymy. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||
