05:05 Tikenli setirler | |
|
Şat durmuşa ýetmek üçin Zerurdyr yhlas, erjellik, Añ-paýhasly ser. Erbetlikler - ekindäki Haşal otlara meñzäp, Özi gögerer. * * * Her çem gelen öwüt berdi, "Ol eýle, bu beýle" diýip. Kim näme öwretse, menem Gulak gerdim görmän aýyp. Bu bolşuma, añkaw halda Ömrüm geçer öýdýän haýp. * * * Her kim bir ýol bilen Gutuljak bolýar. Zalymlañ, güýçlüleñ Penjelerinden. Menem bir çybygy Öwdüm arada, Gorkamsoñ şoñ bilen Ýenjilerimden. * * * Geñ gördüm bir-birne Çapraz gylyklañ Mekan tutup bilşini Bir göwrede. Ol meni derýadan Aman çykaryp, Gury ýerde Gark eýledi soñradan. * * * Bir husytdan Karz pul sorap arada, Iş düzetmek Hyýalyna mündüm men. Ýöne bar müşgilim Düzeltdi gitdi Ol gapjygny Çykarýança jübsinden. * * * Dilegçi adamlañ Ugun ýekeläp, Jürüni dikmegi Edendir kada. On agyz söz aýtsa, Dokuzsy - dileg, Birisi wada. Dmitriý GARAÇOPAN, gagauz türkmen şahyry. Rus dilinden terjime eden: Kakabaý GURBANMYRADOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
