TOMUS GARY Gar ýagýar, Depede kem-kem agarýar. Depäniñ ýüzüni syrgynlar basýar, Çyzylýar, Çatlaýar dagyñ mañlaýy, Öçüşýär wulkanyñ ýüregniñ ody. Sokur bolup barýar goşa çeşmesi.
Bir zaman merjen dek düzülen daşlar bir-birden uçýar. Hatarlanyp ýatan otuz iki kerwen bu ýerden göçýär.
Bu diñmejek garyñ agramyna wah, jydap dyzyña daýanmak çetin, Ýöne penalap ýatyr şol goja dagyñ yranýan gatyn sürige sygmajak ýeke käkilik.
syrly goşgy bolupdyr tomus ýagan gar. ýöne ikinji kupletiň tapmaça mysaly syry ele berýän ýaly. ol "bir-birden uçÿan merjen dek düzülen daşlar, göçýän otuz iki kerwen" adamyň dökülen 32 dişimi? garrylyk sebäpli. eger şeýle bolsa, onda... ol "çyzylan, çatlaÿan dagyñ mañlaÿy" - garrylyk maňlaý gasynlarymy? "öçüşýän wulkan ody.." kütelişen duýgylar, höweslermi? ol "penalap ýatan ýeke käkilige" welin düşünmedim. umuman goşgy garrylyk baradamy? haladym. ýöne ikinji kupletiň beýlekiler bilen deňeşdireniňde has sada (tampaçapisint) görünýär. berekella Abdylla gardaş.