13:50 Towşan we Şir / basnýa | |
![]() Çalja Towşan gür tokaýda ir bilen, Sataşdy ýodada ýatan Şir bilen. Tisgindi-de, yza gaçmak isledi, Ol Şirden arasyn açmak isledi. Towşanjyk galpyldap böwrün diñledi, Ökje götermäge ikirjiñledi. Sebäp Şirde bir geñ agraslyk bardy, Ol özüni ýuwaş alyp barýardy. Haýwanlaryñ şasy bozup kadany, Büs-bütinleý tutup ýatyr ýodany. Daşyndan aýlanmak bolmansoñ mümkin, Sandyrap dil açdy, baryp has ýakyn. - Hökmürowan hormatlymyz Şir ata, Gaharlanmañ biz ýaly bisyrata! - Hawwa, näme diýmekçi sen hargulak, Aýdyberiñ diñleýän men hargulak. - Maý tapamok aýlanmaga destiñden, Böküp geçmek mümkinmi señ üstüñden?! Çekinmäñ ol oýna siz gaty ökde. - Şir aga, bulaşyp tozana-gerde, Siz nämüçin ýatyrsyñyz bu ýerde?! Nälet şeýle zady oýlap tapana... Eşdip Towşan Şiriñ beren jogabyn, Bilip galman ýatmaklygnyñ sebäbin, Gorky duýgulary bolup zym-zyýat, Towşanjyk şatlygym nygtap bada-bat, Çekinmän ol Şiriñ üstünden bökdi, Geçensoñ, gedemlik depregin kakdy: - Göwresi näteñet, ýoda bolsa dar, Aýagyñ astynda her hili myrtar. Gör, ynha, şeýdişip, ygyşyp ýatjak, Bolsalar, ýeri sen, öljekmi, ýitjek! Aman ANNAMYRADOW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |