23:43 Tümlük | |
Eje, men özümi gorap bilmedim, Ýalanlardan Başarmadym uzak tutup kalbymy Meni söýen bolanlardan. Ýekeligme hemra tapmak isledim, Gursagymy ýardy nätanyş duýgy. Ýüregim ömründe ilkinji gezek Gozganyş duýdy. Doldurmak isledim kemçiliklerim, Del biriniň söze bürän mährine. Ynanmak isledim Dona bürenmedik çyplaň ähdine. Gözde nem ýene-de ýalňyz gursagyň, Bar pişesi beýnim bilen dalaşmak. Agyrdy ýat didä bakyp umytly Mähre garaşmak. Ynanasym geldi eje, şeýlebir, Bagtyň özi hut gapyma gelenne. Awusyny gizlär eken adamzat, Göz-görtele köz basýanyn bilende. Mähirsiz durmuşyň biwepalygnyň, Hasabyny ýene sorap bilmedim. Bagyşla, ejejan, duýguçyl gyzyň, Özümi tümlükden gorap bilmedim. Annabeg AÝMAKOWA. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
