00:03 Türkmen dili | |
|
Men seniň göwsüňden dömüp, ulaldym, Ilki seniň bilen çaýkadym agzym. Men seniň göwsüňden emip ulaldym, Sen bolduň ganymda çarp urýan aýdym. Seniň bien gyza aýtdym yşkymy, Seniň bilen dosta aýtdym derdimi. Seniň bilen ýazdym başky şygrymy, Hem okadym Pyragynyň bendini. Men ulaldyk saýym ulaldyň gitdiň, Men gojaldyksaýym azaldy suwuň. Seniň ummanlaňda tapyldym ýitdim, Ýene işigiňde daýandym bu gün. Oglum bolan güni senem begendiň, Eje ölen güni bagryň ganlydy. Sen-ä meni direltmäge gelensiň, Meňbolsa göbegim saňa baglydyr. Men seni apalap, öwüp ýörjek däl, Sen satlyk haryt däl, öwrüljek pula. Sen duranyň üçin aralygmyzda. Gepleşip ýörüs-ä ölüler bile. 20.07.1988. * * * Türkmen bu dünýäde sallançak küýsäp, Gujagyňa doldy, sende üwreldi. Ol ýazlap ýaşady, ýaşady güýzäp, Şeýde-şeýde giň äleme öwrüldi. Türkmen toýlar toýlap, dünýä baglady, Ahyr girdi gara ýeriň astyna. Hak “surun” eşdende ynsan balasy, Türkmenem gözlerin açdy, asgyra. Görse, baksa şo-ol sähra, şol öleňler, Begenip sözledi türkmen dilini. “Hany, tur!” diýp, elin berdi , erenler. Zybanyndan aňlap türkmenligini. Soň iller, uluslar dilim-dilimden, Tenekar öwrüp uçmah gandyna, Türkmen zybanyndan, türkmen dilinden, Gardy, goşdy ruhuna, zandyna. Şeýde, ölmez-ýitmez türkmen dilimiz, Şeýde, baky durar türkmenligimiz. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
