22:52 Türkmen dili | |
Ah, türkmeniñ dili! Bu ýöne dil däl, Her gezek her ýerde diñlänimde men - Uýýan añyrsynda dyñzaýan güýje Hem gaýduwsyzlyga ýüregim bilen. Ýugrulypdyr buýsanç, mukaddeslige Onuñ kän gowgalar gören ykbaly. Rüstem çykdy san-sajaksyz duşmandan Depgiläp bilmedi atlaryñ naly. Ol - ürgün çägeleñ göwsünden syzyp, Dirilik paýlaýan çeşme mysaly, - Lowurdal dur tylla öwüşgin bilen Buýsançly, batyrgaý, diýseñ, şypaly. Hawa, ol şeýle dil. Gizläp nädeýin Ylhamam, şire-de onda ýeterlik. Üýtgemän gelipdir biziñ günlere Şol başky gözellik, şol başky terlik. Süññünde asyrlañ gohy-gowgasy, Hanjar sesi, gyzlañ kaddy bar, bilseñ. Türkmen dili... birçak agsak Teýmiri Sandyradyp, dyza çökeren dil sen! Walentin SOROKIN, rus şahyry. 1984 ý. Terjime eden: Şäher BORJAKOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
