02:23 Türkmen ýaşlary | |
|
Türkmen gudratyny Jahana ýaýýar, Hakykata dönýär erteki, ýaşlar! Kalbyňyzda hyruç, Gözde ataş bar, Siz berkarar ýurduň ertesi ýaşlar! Oglum siz, Gyzym siz, Meniň päk neslim, Ýörediñ atalaň döwletli kesbin, Ýeňişden ýeňşe! Kynçylyk tessin, Aýlaň arşda çarhypelegi, ýaşlar! Derýa deý çyrpynyp, dag deý galkynyň, Günüň ýalkymyndan syryň altynyn. Bagtyn pajarladyp gurgun halkymyň Haýran kylyň Rumy, Pereňi, ýaşlar! Gujur sizde, Gaýrat sizde, Güýç sizde, Görogly- gaýraty, daşgyn ýaş sizde. Ýaşyl Tugum sizde, göwher täç sizde, Sizde Gorkut ataň keremi ýaşlar! Toprak däldir, bu atalaň ganydyr, Hupbul Watan eneleriň janydyr, Watan söymek - Beýik türkmen dinidir, Türkmenistan güllär ebedi, ýaşlar! Siz- talyp, Siz-esger, Geljekki alym, Arşa çykyp ýazyň, halkymyň adyn. Dowamat dowamy Saparmyradyň- Türkmen adyn Tug deý göteriň, ýaşlar! Saparmyrat TÜRKMENBAŞY. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
