16:50 Tut agajy | |
Tut sen etegiňi agaç astynda Silkeýin şatudyň şahasyny men. Ýagsyn depämizden ýatlama bary, Ýagsyn geçen ýyllar aýlary bilen. Ýagsyn depämizden körpe çaglarmyz: Maýmyn dek şahadan şaha bökerdik. Bal ýaly tudana iýip şahada Ýere-de bal ýaly miwe dökerdik. Maýmyn dek şahadan şaha bökerdik, Käte hezil edip düşerdik suwa. Şýde-de irkilip saçak başynda, Giderdik ukuda süýji arzuwa. Tudana iýerdik düýşümizde-de, Eňerdik miweli ýaşyl baglara. Birdenem bürgüt dek ganat açyp biz, Galardyk gerişi garly daglara... Silkeleme tuduň şahalaryny, Belki, şahalarda bardyr körpeler. Eger ýykylaýsa biri olaryň, Gerekli söhbetiň yzy kesiler. Balaja Fikret bar, balaja Wagif, Tudana bişdigi – olar taýýardyr. Oňat seret, eger tudana bişse, Hökman şahalarda körpeler bardyr. Fikret GOJA, (Azerbaýjan). Azerbaýjançadan terjime eden: Ata ATAJANOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |