14:31 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Çyn we ýalan | |
|
Çyn we ýalan Ejesi aýtdy: -Hiç haçan ýalan sözlemegin! Ýalançynyň temmisini Taňry berer. Kakasy aýtdy: -Hiç haçan şugullamagyn! Şugulçylyk ýaly ýigrenji häsiýet ýokdur. Ertesi gün mekdepde arakesmä çykanlarynda, deň-duşlary bilen top oýnap ýörkä, olaryň biriniň depen pökgüsi penjirä degdi. Aýna döwüldi. Dergazap bolup gelen synp ýolbaşçysy: -Kim aýnany döwdi?!-diýip, onuň üstüne heňkirdi. Oglanjyk ýüzüni sallap, oýurgandy… Aýtsaň-a şugulçy bolmaly. Aýtmasaňam ýalançy… Ol aýgyt bilen gözlerini göterdi-de: -Men döwdüm!-diýip, mert jogap gaýtardy. Temmisini aldy, ýöne gynanmady. Dogry baş alyp çykanyna buýsandy. | |
|
| |
| √ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 | |
| √ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 | |
| √ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
