07:37 Ullakan ýürekler | |
|
Ullakan ýürekler, Urup ýör entek. Älem deý giň olar, ýumruk deý kiçi. Döz gelip bilmändir kynçylyklara, Kalby kiçi bolan ullakan kişi. Ullakan ýürekler, Urup ýör entek, Şol ýürekler, ah gerekli ýürekler. Ilkinji şolardan dörändir belki, Ejizlere berlen gizlin kömekler. Ýöne uly ýürekleri her ynsan Göterip başarmaz. Kiçeler ýürek. Şonuň üçin ýer ýüzünde dörändir, Betpygyllar, erbetlikler biderek. Ýüregiň ulumy bilmeklik üçin, Pulsyň ölçenilmez, düşülmez rentgen. Bir maslahat soraň, geňeşiň, hökman Uly jogap geler uly ýürekden. ...Hergün bu wepasyz ýeriň üstünde, Müňlerçe toý bolýar, müňlerçe-de ýas. Biz ullakan ýürek bilen aslynda, Gülkä gülüp bilýäs, Aga çydaýas. Şatlyk ESENOW. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
