10:28 Uruş ýyllarynyñ çöregi | |
|
Nirä baksañ görünip dur gyñagy - Gözüñ açýan diriligiñ geregi. Gahatlykda bildiripdi özüni, Uruş ýyllarynyñ ýiten çöregi. Tötekmi, Arpa nan, Zagara, köje, Haýsysy bolsa-da bersene, eje. Keýpi köklük küje, Nan ysy küje, Açlyk jugurdysyn salyp dur içe. Köwüş - çagarykdyr, Köýnek - jyýrymdyr, Açlykdan gorarsyñ sarsyz ýüregi. Diliñ däl, gözleriñ ýalñyz soragy: Uruş ýyllarynyñ gahat çöregi. Ýeñiş üçin gaýgyrmadyk güýjümiz, Açlyga, Horluga, Kyn güne bakman. ...Biz şol açlyk bilen ýeñdik duşmany, Aç urşa dok ruh hökmandy, hökman! Ata ATABAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
