03:26 W.L.Puşkine | |
|
Uruşdan, ýangyndan, jeñli meýdandan, Pälwanyñ zarbyndan hezil zat barmy? Boşap galan düzden, dökülen gandan, Harby çadyrlardan gözel zat barmy? Ýüregi çyn gusar bolan ärleriñ, Murtlak-murtlak, akyl-huşy darlaryñ Gysga günlerinden barmy täsin zat? Gözel näzeninler olar üçin ýat. Tibur tokaýynda iñ belli gorkak Meşhur Gorasiýniñ ömür sürşi dek Eşret görmän çadyrlarda ýaşýarlar, Sapalardan uzak ýerde ýaşýarlar, Olara mejbury hyzmat bolmaýar, Olar gaýgy bilen gorky bilmeýär; Aýdym aýdyşýarlar, meýlis gurýarlar, Duşman bilen çapyşýarlar, gyrýarlar. Dünýä eziz bolan ynsan bagtly; Aýdym üçin, işi üçin almydam. Mars bilen Temiri doglan gününden Şöhratlap hem öwüp ösen bagtly, Gylyç hem eýeriñ aralygyndan Jeñ lirasyn mäkäm asan bagtly! Aleksandr PUŞKIN. Terjime eden: Çary Aşyr | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
