11:52 Watan zary | |
|
Göbek ganym sende, jan ata Watan. Jowzadyr epgegiñ, garlaryñ ýagşy. Ýat illerde galyp kim bagta ýeten. Çeksem öz ilimde zarlaryñ, ýagşy. Seniñ mähriñ gitmez, köñül çäginden. Daş düşen miwe men, biten bagymdan. Erkin, howañ sorup, gezsem düzüñde, Seleñläp görünýän baglaryñ ýagşy. Seniñ waspyñ edip, barça neslime. Wesýet baryn etdim, wesýet üstüne. Şalaryñ köşgünden zyýat üstüme, Üstüñden külbe ber, törleri ýagşy. "At depişer, at toýnagna at çydar" Gorkusy köp bolan ukudan bizar. Aýralyk mukamyn çalsa goşa tar, Uzakdan eşdilýär, sazlaryñ ýagşy. Sabyr kyldyk, başa bela ýetende. Kazasyna razy boldyk, öten-de. Sil suwuna böküp, aksam Watana, Jesedim ýetse bor, görleriñ ýagşy. Munda barym taşlap, guluñ bolaýyn. Ojagyñda ýanyp külüñ bolaýyn. Bir dem howañ sorup ser hoş bolaýyn, Pyrkatyñda çeken horlugym ýagşy. Watandan hilesiz eşret bilermi, Ýapraksyz agaçda saýa bolarmy, Diläp dogalarmyñ kabul bolarny, Janyn gurban eden ärleriñ ýagşy. Aşyr, ýazdym Watan zaryñ dilinden. Hiç kim azaşmasyn dogan ilinden. Bal arysy bolup, Watan gülünden, Tirsem tenekardyr, ballary ýagşy. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
