13:00 "Namysjaňdyk, buýsanjaňdyk, gedemdik..." | |
|
It öňüne atyp negözel ýurdy, Dik tutup götäre serem galmady. Tutan ýeriň gopup durdy öňem-ä, Ind-ä tutar ýaly ýerem galmady. Hasyl edip ata-baba arzuwyn, Il deňinde il boljakdyk, bolmady. Zir-zibili erkinligiň ýolundan Syryp giden sil boljakdyk, bolmady. Bize “Giň bol, sabyrly bol” diýdiler, Giňäp-giňäp, halys waragmyz çykdy. Ýa-ha agzymyza gurşun guýdular, Ýa-da, dogrudanam, garagmyz çykdy. Saýranymyz üçin dymmaly wagty, Geplemeli wagty dymanmyz üçin, Ilk-ä ejemiziň, soň heleýmiziň Etegniň astyna sümenmiz üçin Kim günäkär? Kime ige sürtmeli? Halasgäre garaşmaly nireden?! Özümiz dälmidik aslynda eýsem Bir tilkini ýurt üstüne şir eden?! Gynananam, baş ýaýkanam tapylar, Ýöne hiç kim gol uzatmaz keseden. Galkynmaly wagty silkinip-syçrap, Arkan ýatan, tükge düşen, bes eden. Namysjaňdyk, buýsanjaňdyk, gedemdik, Nädip boýun bolduk beýle şerte biz?! Ile çykmak ertirem-ä gerekdir, Ýa munça-da bolmazmykak erte biz... Şiraly NURMYRADOW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
