21:07 Ýadygärlik gurdum | |
|
Elden gitmez ýadygärlik men özüme dikeltdim, Indi halkyñ oña barýan ýodasyna ot bitmez. Onuñ buýsançly başyn şeýle bir belent etdim, Aleksandr sütüni asla deñine ýetmez. Ýok, men ölmen, undulman, şygrymda galan janym Jesedimden uzak ýaşar, çüýremez, bolmaz ahyr. Hem şöhratly bolaryn üstünde bu dünýäniñ Diri bolsa eger ýekeje şahyr. Meñ dabaram beýik Rusda bolar mydam gepbaşy, Adym tutar ondaky ähli diller-u-halklar. Agryklary slawýanlañ, finler ýa häzir wagşy, Tunguslardyr, sähra dosty galmyklar. Örän uzak mahallap söýlerin halk içinde Liram bilen ýagşy duýgy oýandyranym üçin. Ýowuz günde erkinligi wasp edenim üçin-de, Ýykylany galdyryp, daýandyranym üçin. Hak emrine, eý, Ylhamym, kaýyl bolgun elmydam, Kemsidilmeden gorkma, şa täjine dalaşma. Öwgä ýa-da şyltaga biparh bakyp sen mydam, Akmak bilen agyz deñäp sanaşma! Aleksandr Segeýewiç Puşkin (Atamyrat Atabaýewiñ terjimesinden) | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
