00:20 Ýakyp ýörsüñ | |
|
(Ahwalat) Ozüm dürsäp, ele alýan, Köşeşen ýalam bolýan... Ýöne... saňa sataşýan, Ýene, lowlap tutaşýan. Yşkyň bilen, oda salyp, Sen-ä meni ýakyp ýörsüň. Göz öňümde surat bolup, Mydam, maňa bakyp dursuň. Sataşamda, lak ataňda, Sözleň gulaga ýetende, Göwnüm çagdyr, gül bitende, Özüň suwlap, ekip ýörsüň. Öňden ýetik meniň derdim, Üstesini sende gördüm, Aşyk bolup, koňül berdim, Bolman-da bir, umyt berseň. Synaň çeýe, sag görüner, Galbaň göwüsler sürüner, Ýorgan galkar, seleňlener, Nesip etse, goýna girseň. Bezenşiňe berseň timar, Eglenşim bar, gözüm güýmär, Ýürek urnar, gursagym dar, Eger, gelip, halym sorsaň. Senden geler, jennet ysy, Hüýr-melegiň sensiň «tüýsi», Peri haýsy? Ynsan haýsy, Tanan bolmaz, bile dursaň. «Barlyk» bolsa, öter wagty, Sen köňlümiň kanagaty, Nesip edip, maňa bagty, Meniň bilen döwran sürseň. Görmän oňsam – synanşygym, Görsem, gözde gamaşygym, Ýokdur öýtme, hak aşygyň, «Ah» diýmerin, läşim serseň. Dertlilere em bolmasa, Güller solar nem gelmese, llli sözün jem bilmese, Takdyrda nä, bakyp görseň. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
