21:42 Ýalňyşdym | |
|
"Bu dünýäde hemme zat çyn, hemme zat galat". Kalderon. Ýalana ynanman ýalňyşdym, Çyna ynanyp ýalňyşdym. Bir maksat tutup ýalňyşdym, Maksada ýetip ýalňyşdym. Dosta ynanyp ýalňyşdym, Duşmana ynanyp ýalňyşdym. Ýalançyny, ýaranjaňy Adamam sanman ýalňyşdym. Bähbidim bolsa-da, iki geplemän, Dogry gepi dogry aýdyp ýalňyşdym. Haram ýoldan haram rysgal gözlemän, Adalatam bardyr öýdüp ýalňyşdym. “Şu ýoldan gitme!” diýdiler, Şol ýoldan gitmän ýalňyşdym. “Ýagşylyk etme!” diýdiler, Ýamanlyk etmän ýalňyşdym. Watany söýdüm goh etmän, Ýürekden söýdüm, tersmişin. “Watan, seni söýýän!” diýip, Telewizorda gygyrýan Sesi güýçliňki dürsmişin. Ýaşam ömrümiň ortasy, Başy hem yzy-ýalňyşlyk. Sebäpler ýöne bahana, Belki-de, meň bu jahana Gelmegmiň özi-ÝALŇYŞLYK. Atajan TAGAN. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
