18:07 Ýatda däl... | |
|
Hakydama gidýänligi gowy zat, Ýada düşüp durmaýany kän zadyň, Şondanmyka elmydama göwnüm şat, Bu ýollarda şol höwesim bir badym. Kine-de ýok - kitüw-de ýok içimde, Süýde siňe seretmek ýok häsýetde, Deň-duş bilen şerap bary içilse, Agdyk düşse bolmaýaryn pis netde. Sowalgamy öz kisämden gözleýän, Gysylamok bolmasam-da tüçjar baý, Bilsem göripligni barym gizleýäm, Bolsa bolsun garyp-gasar hatamtaý. Gamly görsem geçmeýärim saz edip, Naçar diýip goýjak bolman çaňymda. Köne saman sowuramok tozadyp, Janyma dert boljaklygy aňymda. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||
