16:28 Ýedi dogan | |
|
Bilmen niçe asyr ötüp, Duş gelipdir niçe derde? Ýöne şindem Pöwrize gyz Läle kakýar ýüreklerde. Ýedi dogan – ýedi bürgüt, Ýedi gerçek, uýa sende! Niçe hasrat çekdiň, çynar, Bu daglaryň jülgesinde. Erkinlige ýetip bilmän, Eir baryn çeke-çeke, Bagt guşun tutup bilmän, Gözýaşlaryn döke-döke. Niçe ärler, niçe müňler, Niçe iller gugarypdyr – Şol nesilleň arzuwlary Çynar bolup gögeripdir. ...Ýedi asyr geçen anyk, Ýene onuň ömri kändir. Hiç bir şahyr şeýle beýik Gözelligi döretmändir! Gafu GAÝRYBEKOW, (Gazagystan). “Garagum” žurnaly, 1984 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
