20:48 Ýekelikde | |
|
Ýekelikde ýaşaýaryn. Ýaşaýyş. Pitne ýok, -görip ýok, -galp ýok ýerde. Şular bilen dem alýaryn başa-baş. Dert ýok, -gaýgy ýok, -garyp ýok ýerde. Gijesi, gündizi şatlyk-şagalaň. Reňkleri miwe ýaly çagalaň. Pikirinde hyýalynda adamlaň, Bergi ýok, -algy ýok, -ogry ýok ýerde. Arzuwlaň barynyň reňki ýaşyl. Magsatlaň köpisi bolýanmyş hasyl. Ertirin gujaklap, ýatýanmyş nesil, Gara ýok, -sary ýok, -gündiz ak ýerde. Hyýalymda ýaşaýaryn ýeke-täk. Ýer ýüzünde aýdýan arzuwlarym ýok. Bar-da bolsa bardyr, Ýokardan aşak. Aralarda, -diwar perde, -ýok ýerde. Setdar SOWGY. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
