14:04 Ýesir | |
Adamzat adama dözen mahaly, Tebigat adama dözenok herhal. Ýesir barýar aýakýalañ köçeden, Aýagnyñ astynda ereýär ak gar. Awtomatly symsyklaýar ýesiri, Sowuk gözler biri-birine garşy. Biri eziz Watan üçin söweşýär, Emma nebsi üçin beýlekiñ urşy. Ikisi-de Adamatañ perzendi, Ikisi-de jigerbendi How enäñ. Haýran heniz düşünemok eý dünýä, Açylmadyk syrmyñ ahyr owal-a? Awtomatly alyp barýar ýesiri, Şeýdip maksadyñy soñlaýan ýaly. Ýesir barýar belent tutup başyny, Urşy özi bilen jemleýän ýaly. Toýly ÖWEZOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
