06:04 Ylhama ýüzlenme | |
|
Saklan biraz, gitme, ýitme gözümden, Sözlemäge maý ber, dymmaryn uzak. Ýüregim iripdir ýygra göreşden, Gurupsyñ ne beýle owadan duzak. Yşk ýoluny söken bu aşyk göwün, Indi seniñ duralgañda düşledi. Kalbym ýakyp barýar düşnüksiz howur, Emma meniñ ham-hyýallam bişmedi. Diñle, ümsümligiñ pessaý aýdymy, Bethoweniñ owazyna sepleşýär. Demiñden demigip, gurşup dur beýnim, Göwün sözüm özi bilen gepleşýär. Bakyşlaryñ - uçut, aýlanýar başym, Aýlanýar damarda söýginiñ meýi. Aýamy aýañda mähirli gysyp, Alyp gitgin belentlere sen meni! Aýjemal PIRMEDOWA. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
