17:54 Ynanasym gelenok | |
Heý-de, mugallymam para alarmy? Para alýan bolsa mugallym däldir. Mugallym pozulsa päklik galarmy? Belki, bu bir "myşdyr", hakykat däldir. Hakykatmy? Hakykat däl, kim bilýär, Mugallymlañ özi jogap bermese? Ýöne nirä barsañ gürrüñ edilýär, Halk diline almaz, bir zat görmese?.. Has beterem ýoldaş mugallym hakda Töhmet ýaýrap bilmez iliñ içinde. Halkyñ ýüreginde mugallym hakda Iñ eziz sözlerdir söhbet açanda? Eýsem, kim günäkär bu erbet "myşa"? Ýalan myş hem al-asmanda inenok. Ýa bu-da azarmy ýaýran durmuşa? Hawa diýmäñ! Ynanasym gelenok. Ozallar-ozallar ýokdy bu gürrüñ. Bu elhenç "myş" soñky ýyllar döredi. Bu mugallymsumak hakda bu gürrüñ Dörese-de, il içine ýaýrady... Ýene ýetip gelýär ekzamen wagty Ne tanyşlyk, ne telefon geçmesin! Goý, açylsyn ylmy söýýänleñ bagty, Parahorlar "bagt bazaryn" açmasyn! Men ýüz tutýan hemme mugallymlara, Mugallymsumak däl, mugallymlara, Arañyza düşen kä melgunlara Gahar, gazap bilen göreliñ çäre! Paraçyny paş edeliñ, pent bolsun, Alymlara ak ýüreklik ant bolsun. Mugallyma berlen päk, beýik ady Hiç wagt, hiç adam, hiç unutmasyn! Gara SEÝITLIÝEW. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |