13:46 Ýoda | |
|
Gyjyklaýar dañyñ çygy ýapragy, Hyjuwdan ýaryljak bu juwan tenim. Bakyp suw deý akýan gijäñ keşbine, Wagt bolsa alýar uludan demin. Maña dolanma ýok, maksatly ýoldan, Bu ýoda ýüzüme baksa-da müýnli. Ýoda diýdi: "Edil şu ýerden, ýigit, Başga-da oglanyñ geçeni düýndi". Diýdim: "Geçendir-le häki bir ejiz, Umydyny tümlük içre ýitiren. Gören dälsiñ meniñ ýaly aşygy, Ynam azaşdyrmaz, ýola getirer". Gijäniñ tümlügi, syrylyp bir ýan, Wagt akýar. Dańam agarýar kem-kem. ...Gije ýodañ gözün baglapdyr, görsem, Hut şu ýerden ak ýol başlanýan eken. ■ Belki... Sen bolupdyñ gözel gyz, Gözlerimiñ gözläni. Söýdüm seni jan-dilden, A sen welin özgäni. Äkitdiler soñ bir gün, Atgulagy galgadyp. Elimi däl, ugratdym, Dilegimi salgadyp. Sähetli gün toýlanym, Tebip boldy derdime. Öwrüldi-le, dünýämde, Hatlañ ýadygärlige. Batyr ÇARYÝEW. # edebiyatwesungat_99 | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
