10:35 Ýok, hakym ýok! | |
Ýok! Hakym ýok saňa nälet okara, Ýakmadyň ýüregmi biwepalykdan. Ýetilmedik umyt-arzuwlarymyň Yhlasyna özüm köýüp galypdym. Kalbymy päki deý gyýan hasratlar Bürgüt bolup inseler-de depämden. Ýok, hakym ýok seni ýigrenmäge-de, Durmuşdyr, Kynçylyk öňümde kän meň. Daşyndan gabanyp özge gyzlardan, Gabanyp-gabanyp ýanardym oda. Talaň salyp ýördüň duýgularyma, Sen beýle zatlardan bihabar ýa-da. Sen öýderdim bagtyň gözbaşy, Indi, Giç, wagty däl ýürek syrym açmagyň. ...Ýanyň bilen barýar garagöz gelin, Sypap gyzjagazyň tylla saçlaryn. Söýgimiň tarlary üzülmese-de, Şo ýerde üzüldi umyt tarlarym. Maňa nämä gerek kişiň bagtyna Badak atyp boljak bagtyýarlygym. Zyýany ýok. Kynçylykdyr, geçer bu, Yşga düşüp, köýen azmydyr başga. ...Siz barýaňyz bu köçeden howlukman, A men durun... Ýok, sen meni bagyşla! Bibi ORAZDURDYÝEWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
