09:04 Ýör, Allanyñ ady bilen! | |
«Eý, ynsanlar, ýyldyz ylmyny öwrenmekden gaça duruň! Siz diňe gury ýerde we deňizde ýyldyzlar bilen ýol tapar ýaly maglumat-ylym öwrenip bilersiňiz. Sebäbi ýyldyz ylmy ynsany gaýypdan habar bermäge alyp gelýändir. Münejjim gaýypdan habar berýäne meňzär. Gaýypdan habar berýän bolsa jadygöý ýalydyr. Jadygöý bolsa jähennemidir. Ýör, Allanyň ady bilen». Hezreti Alynyň haryjylara garşy söweşe çykmakçy bolanda aýdan sözleri. Ol bu söweşde ýeňiş gazanypdyr. Göwnüm, göwnüm, asy göwnüm, Ýör, Allanyň ady bilen! Ömrümiň hemrasy göwnüm, Ýör, Allanyň ady bilen! Hak ýolundan – bir är gider, Gümanlary bürär gider, Kynçylyklar erär gider, Ýör, Allanyň ady bilen! Eden işiň syna gider, Şübhe kalbyň gynagydyr, Ömür Hakyň synagydyr, Ýör, Allanyň ady bilen! Söz diýjekmi?! Diý belendin. Çyn ýagyňdyr – bigeleňlik, Dogum dünýä igelensin Ýör, Allanyň ady bilen! Bolgusyzlaň mähellesi, Tisgindirmez sähel meni. Jadygöýler – jähennemi, Ýör, Allanyň ady bilen! Alla – Kebir uly bolar, Özün bilen weli bolar, Razylaşsaň Aly bilen Ýör, Allanyň ady bilen! | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
