00:10 Yşk öýüm | |
Eý ki pynhan sözleýän men derdimi Gurmuşam men weýaranada ýurdumy. Weýranadan çykyp göçsem düzgüne Güýzünden-gyşyndan gonsam ýaz güne. Yşk öýün gurupdym – dört tärim bilen Işik söýe goýup – öz kärim bilen. Tüýnük aýlap öý üstünden gonduryp Dört ýerinden egri ugy galdyryp. Berk edip ýerbe-ýer – tärime saryp Düzüni uga düzgän – bile ýörip. Durluk tutdum dört ýerine ýar bilen Goşma salyp – üzük goýdum zor bilen. Tüýnigiň üstünden serpigi atdyk Gamyşy aýlap biz işimiz tutduk. Ýüp aýlap daşyndan – bile ýortduk biz Tanapdan toýnukdan urgan atdyk biz. Tapýapary gapysynda sarkdyryp Gyş günleri içinde ot ýakdyryp. Yşk öýüm gaýymdy her bir binadan Gymmatly bahaly kümüş tylladan. Sörtük ösdi ýel gazygyn gopardy Gara ýel gelip barysyny göterdi. Öýim darganakda – kaýda Bolsamkam?? Ýurdum hazan alsa – nirde gonsamkam?? Bilmedim düzüni gaýym düzmedim Ýa ýelgazyk kakyp özüm ezmedim. Ýa ygagazygy gowşak kakdym men Bilmedim – dertdeşler gözýaş dökdüm men. Umydym bar yşk öýümi diksem diýp Gara ýel sörtügi baryn ýyksam diýp. Humay diýr hoşabat ösgün elgine Biziň üçin siziň üçin il-güne. ______________________________ - Hoşabat – - Sörtük – - Düzi – uklary daňylyan – dokalan tanap - Tapýapar – gara öýüň gapysy - Ýelgazyk- gara oýüň ýel gelýän tarapynda kakylýan gazyk. HUMAÝ, Turkmensahra – Eýran. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
