23:59 Yşky döretsem | |
Gojalyk şemaly, öwsüp gelse-de, Saçlarym sypalap, ýele daratsam. Yşk ody bagrymy kesip dilse-de, Geljege umytly yşky döretsem. Öýlerde ýazylsa yzzat saçagy, Haýbatly ädimler bezär dünýäni. Açylsa il üçin, ylym gujagy, Bilbiller saýraşar, gamy duýmany. Ýesiri kiçeldip, ejiz bilmäňiz, Çeşmäni joşuryp, dagy syndyrar. Akly ýetne diýip, namart bolmaňyz Düzgünler döredip, bagty indirer. Buýsanar, daglara garap läleler Baş egmez näkese, ýaýar akylyn. Söýginiň mährinden dörän balalar, Altyna gaplarlar ene nakylyn. Türkmeniñ gyzy sen uçup asmana, Güneşden alarsyň paýyň geljekde. Ýol berme, hakyňa aýak basmana, Sargydyň ýollagyn, deňlik biljege. Emine TÖRRÜK (Türkmen gyzy). | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||
