22:20 Yşkyñ tokly mähiri | |
Seniň elleriňi gysan mahalym, Süňňüme şeýlebir tok urup gidýär. Şonda ýersiz-ýere gelýän gaharym, Bir lahzada uçup, ýok bolup gidýär. Nakys wujudyňdan beýle toguňam, Nädip döreýşine aklym haýrana! Batareý deý çöküp başlan çagymam, Seň mähriňden zarýad alyp barýana. Güýç alýarkam ary eliňden tutup, Agaç salyp, aýryp bilmez hiç kimem. Yşkyňy kirpikmen gözleňde duýup, Söýgi diýip men bar zatdan geçdimem. «Mende, asyl, tok neýlesin?!» diýme sen, Gel, diňle, ýüregmiň batly urşuny. Meniň galpyldymy eldäp, duýmasaň Bilmersiňem, seni çaksyz söýşümi. Kazam dolsa. Ýerlenmänkäm gabryma, Emaý bilen sypap göräý meýdimi. Tap getirip bilmän güýçli zarbyňa, Galdyrasa... Şoldur mähriň duýdugy! 31.05.2023 ý. Baýramberdi GELDIMYRADOW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
