22:48 «Ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» / hekaýa | |
|
"ÝURDUNDAN AÝRYLAN ÖLINÇÄ AGLAR" Kerwen aganyň ýurdundan göçüp gaýdanyna köp wagt bolmandy. Ýöne kalbynda ünji bardy, hiç gününe goýanokdy. Ol Watan didaryny küýseýärdi. «Işe dursam, kalbymdaky ünji aýrylar» diýip, pikir etdi. Iş aladasy bilen gaýgysy ýadyndan çykyşdy. Çarhypelek aýlanyp durdy, aýlar dogup, ýyllar yzly-yzyna tirkeşip gelýärdi. Kerwen aga pensiýa ýaşyna ýetdi. Kalbyndaky ünji hasam güýçlenip başlady. Ýogsam dokuzy düzüwdi, maşgalasy, ogly ogul ýerinde, gyzy gyz ýerinde bardy. Ol öwran-öwran maşgalasyna: «Öz dogduk obamy görüp gaýdasym gelýär» diýýärdi. Ol bir gün hem uçar petegini alyp, ýola şaýlanjak güni ertirdi. Birden Kerwen aga näsaglap düşekde ýatmaly boldy. «Watanymyň didaryny indi görmek nesibämde ýokmuka?!» diýip, hamsygyp aglady. Onýança-da, gapydan körpe ogly Myrat girdi. Kerwen aga oglundan gözýaşyny gizlemekçi bolup, eli bilen göz ýaşyny syrdy. Myrat kakasynyň aglandygyny gözlerine seredende aňdy. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
