16:00 Ýüregime dowul düşen mahaly | |
|
Ýüregime dowul düşen mahaly, Endigim bar ýagşylyga garaşmak, Öňdenem bu zatlar tanyş mysaly, Howsalanyň özi bilen ýaraşmak. Täzelikde gelip giden günlerimiň, Iç-daşyna garap emin göz bilen, Barmak basyp iňňesine güllermiň, Kesip biljek bolup durman gez bilen. Ýol arçaýan ruhubelent dünýämiň, Hoş söz bilen açmak üçin işigin, Özgerýänmi-ynjalýanmy duýýaryn, Haklygyna ynanamsoň işimiň. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
