23:21 ÝÜREK | |
Görseňizläň beýle edenlidigni, Halannyň öňünde çökerýär dyza, Aýtsaň-da nämeler etmelidigni, Öz tutan ýolundan dönmeýär yza. Bilen-bitireni öz göwnüne jaý, Bir özi akylly ýeriň ýüzünde, Ol onsoň özüne özi gözläp taý, Zeminiň goýnunda iliň gözünde. Kaýyl bolaýmakdan başga çäre ýok, Näçe ýalbarsaň-da ýaýkaýar başyn, Durky ak, birjik-de tegmilt-gara ýok, Özüň ynjamaly çytdyrsaň gaşyn. Öz keşginden başga zady duýmaýar, Şeýlebir takatsyz-heserli juda, Bir pursatlyk dynç alsam-da diýmeýär, Togtasa bar zatdan düşmeli jyda. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
